Turkmenportal logo
Şu gün 17:52
959959
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

12-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

Şeýle hem, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.