Turkmenportal logo
Şu gün 12:04
57425742
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ärdogan: Dünýä Ikinji jahan urşundan bäri iň dartgynly döwürde ýaşaýar
Surat: tass.ru

Türkiýäniň ýerleşýän sebiti we tutuş dünýä Ikinji jahan urşundan bäri iň dartgynly wakalary başdan geçirýär. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň Edirne ülkesinde ilatyň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada TASS ýazýar.

«Biziň sebitimiz, dogrusyny aýtsak, tutuş dünýä Ikinji jahan urşundan bäri iň kyn döwre şaýat bolýar. Biz dolandyryjy partiýa hökmünde, Türkiýäniň bu oda düşmegine ýol bermezlik üçin ymtylýarys. Biz bir kynçylyk çözülmänkä, täze kynçylygyň başlaýan döwründe ýaşaýarys. Biz ýaraglaryň çaga gülkülerini sem edýän döwründe ýaşaýarys» diýip, Ärdogan çykyşynda nygtady.