Turkmenportal logo
13.06.26
69136913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zehinli bäsleşik» bäsleşiginiň üçünji hepdesiniň ýeňijileri kesgitlenildi

5-nji maýda badalga alan «Zehinli bäsleşik» interaktiw bäsleşiginiň üçünji hepdesiniň jemleri jemlendi. Guramaçylar nobatdaky tapgyryň ýeňijilerini yglan edip, eýelän orunlaryna laýyklykda gatnaşyjylara baýraklary gowşurdylar.

Hepdelik bäsleşigiň netijeleri boýunça birinji orny eýelän gatnaşyjy elektrik çäýnege mynasyp boldy. Ikinjiden dokuzynjy orna çenli ýerleşen gatnaşyjylar ýorgançalar bilen sylaglanyldy. Onunjydan on dördünji orna çenli eýe bolanlar üçin Isleg TV-niň sowgat kartlary göz öňünde tutuldy. On bäşinjiden ýigriminji orna çenli ýerleşen gatnaşyjylar bolsa ýadygärlik bulgurlary bilen sylaglanyldy.

«Zehinli bäsleşik» bäsleşigi aň-paýhas bäsleşiginiň esasynda guralyp, ýeňijiler dogry jogaplaryň sany boýunça kesgitlenilýär. Ulanyjy näçe işjeň gatnaşyp, soraglara dogry jogap berse, onuň hepdelik we aýlyk baýraklaryň eýesi bolmak mümkinçiligi şonça-da artýar.

Guramaçylar bäsleşige gatnaşmak üçin «Zehinli bäsleşik» ykjam goşundysyny iň soňky wersiýa çenli täzelemegiň zerurdygyny ýatladýarlar. Goşundy arkaly ulanyjylar täze ýumuşlara, dowam edýän utuşlar baradaky maglumatlara hem-de bäsleşigiň ähli mümkinçiliklerine elýeterlilik gazanýarlar.

Taslama gatnaşmak mümkinçiligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan neşir edilýän «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň abunaçylary üçin açykdyr. Goşundyny Google Play we App Store platformalaryndan mugt ýükläp almak bolýar.

Elektron žurnala abunany abuna.yashlar.gov.tm resmi saýty ýa-da Arkadagly Ýaşlar elektron žurnalynyň ykjam goşundysy arkaly resmileşdirip bolýar. Gatnaşyjylaryň tassyklanmasy ykjam telefon belgisi we bir gezeklik tassyklaýyş kody arkaly amala aşyrylýar.

Bäsleşigiň üçünji hepdesiniň ýeňijileriniň sanawy aşakda ýerleşdirilen suratda çap edildi.