Näbelli adamlar ABŞ-da geçiriljek 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna birnäçe gün galanda Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylaryna degişli butsalary we beýleki sport esbaplaryny ogurlapdyrlar. Bu barada Foot Mercato portaly habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, ogurlyk Florida ştatyndan toparyň Kanzas-Sitidäki bazasyna sport esbaplarynyň eltilýän ýolunda bolupdyr. Futbolçylar dünýä çempionatynda geýmegi meýilleşdiren butsalaryny, şeýle hem toplary we tehniki işgärlere degişli esbaplary ýitirdiler.
Dünýä çempionatynda Angliýanyň milli ýygyndysy L toparçada Horwatiýanyň, Gananyň we Panamanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş eder. Toparyň ilkinji duşuşygy 17-nji iýunda Dallas şäherinde Horwatiýanyň ýygyndysyna garşy geçiriler.