Turkmenportal logo
Şu gün 10:47
58135813
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
El-Nino hadysasy «Godzilla» diýen at aldy
Surat: versal.media

El-Nino klimat hadysasy Ýuwaş ummanyň suwunyň gyzmagy netijesinde emele geldi we ol taryhy güýje eýe bolar diýlip garaşylýar. Ol synlamalaryň bütin taryhynda iň uly tebigy heläkçilik bolup biler diýip, «The Guardian» habar berdi.

Meteorologlaryň baha bermegine görä, ýylamagyň tebigy sikline girýän El-Nino gazylyp alynýan peýdaly magdanlar sebäpli onsuzam gyzýan Ýer togalagyny has-da gyzdyrar we tutuş planetadaky adatdan daşary howa şertlerini güýçlendirer. Ol 1997-nji ýylda başlanyp adatdan daşary yssy howa, sil joşmalaryna, guraklyga, deňiz tupanlaryna we tokaý ýangynlaryna getiren öňki El-Nino barabar ýa-da ondan hem güýçli bolup biler.

Resmi taýdan peýda bolmagyndan öň bu hadysa dürli atlary aldy, olaryň biri-de «Godzilla». Hünärmenler adamlary gorkuzmak islemeýändiklerini, olaryň synaglara taýyn bolmagyny isleýändiklerini aýdýarlar diýip, ady tutulan neşir belleýär.