Turkmenportal logo
Şu gün 09:58
56195619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Trampyň arkasyny günde 20 sagat sarp edip gurmakçy bolýarlar
Surat: ria.ru

Amerikan Prezidenti Donald Trampyň teklibi boýunça ABŞ-nyň esaslandyrylmagynyň 250 ýyllygynyň hormatyna dikeldiljek ýeňiş arkasyny günde 20 sagat sarp edip, gurmakçy bolýarlar. Onuň gurluşygy iki-üç ýyla çeker diýip, ýurduň Milli seýilgähler gullugynyň resminamasyna saglylanyp, «RIA Nowosti» habar berdi.

Gurluşyk işleri ýedi tapgyra bölüner. Olar: meýdançany taýýarlamak, düýbüni tutmak işleri, beton esasyň bina edilmegi, mermer bilen örtülmegi, içki ulgamlaryň, heýkel toplumynyň gurulmagy hem-de çägiň abadanlaşdyrylmagydyr. Arkanyň gurluşygynda boýy Kapitoliýadan hem belent, ýagny 100 metr töweregi diň kranlar we agyr tehnikalar ulanylar.

Şu ýerde taslamany heniz Waşingtony meýilnamalaşdyrmak boýunça degişli geňeşiň tassyklamandygyny bellemek gerek. Federal kazyýetde ýadygärligiň gurluşygy boýunça garşylyklaýyn şikaýat etmekçi bolýarlar.