Tailanddyň Patyşasy Mah Waçiralongkornuň (Rama Х) uly gyzy, şagyzy Phatçara Kittiýapha Bangkokda aradan çykdy. Bu barada Patyşa köşgüniň edarasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Edaranyň habarynda «lukmanlar tarapyndan yhlasly we ünsli ideg edilendigine garamazdan», şagyzyň ýagdaýynyň «barha ýaramazlaşandygy» aýdylýar.
«2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda, penşenbe güni sagat 19:48 (Moskwa wagty bilen 15:48) şagyzy 47 ýaşynda Tailandyň Gyzyl haç jemgyýetine degişli bolan Patyşa Çulalongkorn adyndaky ýadygärlik hassahanada parahat gözlerini ýumdy» diýlip, habarda bellenýär.
Şagyzy hassahanada 2022-nji ýylyň 15-nji dekabryndan bäri ýürek keseli sebäpli huşsuz ýagdaýdady. 2022-nji ýylyň dekabrynda Phatçara Kittiýapha öz mülkünde itlerine tälim berýärkä, huşundan gidip ýykyldy. Ony ilki ýerli hassahana ýerleşdirdiler, taby kadalaşandan soň ýurtdaky iň gowy hassahanalaryň biri bolan Patyşa Çulalongkorn adyndaky ýadygärlik hassahana geçirildi. Şunça ýyllaryň dowamynda şagyzy emeli dem beriş enjamynda saklanýardy.
Tailandyň Hökümeti şagyzyň aradan çykmagy bilen bagly 15 günlük matam yglan etdi. Bu barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.