Turkmenportal logo
Şu gün 09:41
25442544
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, serkerdelerini we professor-mugallymlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasyny, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagy hem-de ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolup, zähmet ýoluna gadam basmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

 «Watan ynsan üçin mukaddeslikleriň naýbaşysydyr. Çünki halkymyzyň dilde sena, başda jyga deňäp togap edýän ähli gymmatlyklary Watanda jemlenendir. Watana gulluk etmek, ömür örküňi baglamak hem-de ykbalyňy onuň hyzmatyna bagyş etmek, keremli topragyň her daban ýerini gözüň görejine deňäp, wepadarlyk, harby kasama ygrarlylyk bilen goramak belent mertebedir. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary derejede baýram edilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzüm birliklerinde täze binalar toplumlarynyň, desgalaryň ulanmaga berilmegi hem ýurt goraýan edermen gerçeklerimiz hakyndaky aladanyň aýdyň güwäsidir.

Bu gün Garaşsyz Diýarymyzyň ýaşyl tugy ýurt goramaga kasam eden edermen, batyr hem-de gaýratly Watan ogullarynyň elinde belentde parlaýar. Bu buýsanç we ynam her bir işde, her bir pursatda sizi üstünliklere ruhlandyrmalydyr, täze belentliklere galkyndyrmalydyr. Çünki siz Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin, Keýmir serdar ýaly şan-şöhratly ata-babalarymyzyň nesillerisiňiz. Olaryň watanperwerlik ýörelgesine ygrarly bolup, ýurt goran gerçeklerimiziň mertlik mekdebini dowam etdirmek siziň üçin mukaddes borç bolmalydyr.

Siziň eziz Watanymyz Türkmenistanyň demir galasy we polat galkany boljakdygyňyza, il-günümiziň asudalygyny, mukaddes serhetlerimiziň mizemezligini eserdeňlik bilen gorajakdygyňyza, gullugyňyzda ýokary netijeleri görkezjekdigiňize, şeýle belent hem-de asylly maksatlar üçin, gerek bolsa, şirin janyňyzy-da gaýgyrman, wepaly gulluk etjekdigiňize tüýs ýürekden ynanýaryn» diýlip döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Gutlagynda: «Harby hünärmenleriň ýokary taýýarlykly, beden hem-de ruhy taýdan berk, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman bilimlerinden habarly bolmagy milli goşunymyzyň goranyş ukybynyň belent derejesini kesgitleýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, olary döwrüň gazananlary bilen aýakdaş, mert pederlerimiziň şan-şöhratyna mynasyp watanperwerlik ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Watan goragçylarynyň bilim-başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny halkara tejribeleriň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň hünär bilimleriniň nazary we amaly usullaryny dogry gurap bilmek ussatlygyny artdyrmak, harby-syýasy düşünjelerini has-da baýlaşdyrmak, ylmyň, tehnikanyň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanyp, harby hünärleriň dürli ugurlary boýunça bilim-sowat bermek siziň esasy wezipäňizdir. Siziň geljekde hem bu jogapkärli wezipäni uly abraý bilen ýerine ýetirip, ylymly-bilimli, päk ahlakly, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil watançylary terbiýeläp ýetişdirjekdigiňize berk ynanýaryn» diýip, berk ynam bildirdi hem-de Gutlag hatynyň ahyrynd uçurymlaryň ählisini Harby akademiýany we harby ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, egsilmez bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugynda uly üstünlikleri arzuw etdi.