Turkmenportal logo
Şu gün 09:40
40494049
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukman gulaklykda saz diňlenýärkä eşidişi goramak barada maslahat berdi
Surat: gazeta.ru

Gulaklykda (nauşnik) yzygiderli iki sagatdan kän wagt saz diňlemeli däldir. Bu barada russiýaly gulak-burun lukmany, rinohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Dmitriý Gorin maslahat berdi diýip, «ria.ru» ýazýar.

«Gulaklyk arkaly saz diňläniňde, eşidişe zeper ýetirmezlik üçin sesiň güýçlendirişiniň düzgünlerini berjaý ediň. Sazy 60 göterimden köp bolmadyk sesde diňläň, iki sagatdan artyk diňlemäň we 15-30 minut arakesme ediň» diýip, hünärmen aýtdy. Ol şeýle hem gulaklykda sazy goýberilende, sesi kem-kemden amatly beýiklige çykarmagy maslahat berdi. Eger adam saz diňleýärkä, töweregindäkileriň sesini eşitmeýän bolsa, sazyň sesini peseltmek gerek.

Gorin şeýle-de gulaklyk saýlananda, ýaramaz ses geçirijili arzan görnüşlerden saklanmagy ündedi. Onuň sözlerine görä, şeýle gulaklyklar daşky gohy ýapmak üçin aýdym-sazyň sesini güýçlendirmäge mejbur edýär.

Ýeri gelende aýtsak, «Smart Analytics Global» seljeriş kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde simsiz gulaklyklaryň bazarynda öňdeligi «Apple» kompaniýasynyň önümleriniň eýeländigini habar berdi. Ýagny bu kompaniýanyň TWS-gulaklyklarynyň dünýä bazaryndaky paýy 23 göterime deň boldy. Ikinji orunda 11 göterim paý bilen «Xiaomi» we 8 göterim görkeziji bilen «Appleniň» ekoulgamyna girýän «Beats» brendi ýerleşdi.