Turkmenportal logo
Şu gün 09:30
33483348
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin russiýalylary ýurduň güni bilen gutlady
Surat: gazeta.ru

Jebislik hem-de watanperwerlik rus halky üçin hemişe baş gymmatlyklar bolupdy. Bu barada RF-niň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji iýunda bellenen Russiýanyň gününde Kremlde döwlet sylaglaryny hem-de Zähmet gahrymanlaryna altyn ýyldyzlary gowşurmak dabarasynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.

Rus lideri şol sanda Ýeňiş gününiň Watana aýratyn söýgi hem-de ata-babalaryň beýik zähmet we harby gazananlaryna buýsanç duýgulary bilen garşy alynýandygyny nygtady.

Putiniň sözlerine görä, russiýalylar öz ýurtlarynyň geçmiş taryhyna hormat bilen garaýarlar hem-de müňýyllyk taryhyň ähli tapgyrlarynyň bütewiligine düşünýärler. Watan üçin jogapkärçilik duýgusy Russiýanyň her bir raýaty üçin ezizdir diýip, Putin sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň Gününde döwlet Baştutany däp bolup gelşi ýaly, Zähmet gahrymanlaryna we ylym hem tehnologiýalar, edebiýat we sungat ulgamlarynda, şeýle-de haýyr-sahawat, gumanitar we hukuk goraýyş işlerinde aýratyn tapawutlanan raýatlara döwlet sylaglaryny gowşurýar.