Turkmenportal logo
Şu gün 09:24
18961896
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bosniýa we Gersegowina DÇ-2026-nyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Kanada bilen deňme-deň oýnady

Kanadanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

B toparçasyndaky duşuşyk Torontoda geçirildi we 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Bosniýalylaryň düzüminde Ýowo Lukiç (21-nji minut) tapawutlandy. Bu onuň milli ýygyndy üçin geçiren dördünji oýnunda geçiren ilkinji golydyr. Meýdança eýelerinde bolsa Kaýl Larin (78-nji minut) gol geçirdi. Ol ätiýaçdan oýna giren dessine ilkinji gezek topa degip, gol geçirmegi başardy.

Kanadalylar dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek utuk gazandylar. Mundan öň olar 1986-njy we 2022-nji ýyllardaky dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, geçiren alty duşuşygynyň ählisinde ýeňlipdiler.

Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy dört gezek dünýä çempiony bolan Italiýanyň ýygyndysyny ýaryşdan daşarda galdyryp, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çykmagy başardy. 31-nji martda Zenisa şäherinde geçirilen saýlama pleý-off duşuşygynyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Penaltiler tapgyrynda bolsa bosniýalylar 4:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Şeýlelikde, Italiýa üçin bu yzly-yzyna üçünji gezek gatnaşyp bilmedik dünýä çempionaty boldy — olar 2018-nji we 2022-nji ýyllardaky ýaryşlary hem goýbermeli bolupdylar.

Indiki tapgyrda Kanadanyň ýygyndysy Wankuwer şäherinde Kataryň ýygyndysy bilen duşuşar. Bosniýa we Gersegowina bolsa ABŞ-nyň Inglwud şäherinde Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Iki duşuşyk hem 18-nji iýunda geçiriler.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda we üç ýurduň — ABŞ-nyň, Kanadanyň hem-de Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.