Turkmenportal logo
12.06.26
76257625
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory adam hukuklary boýunça foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew 11-12-nji iýuny aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Adam hukuklary ulgamynda ählumumy dolandyryş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy.

Forumyň iki günlük gün tertibi «Bilelikde ösmek we hemmeler üçin elýeterli adam hukuklary: Ösüş hukugy hakyndaky Jarnamanyň kabul edilmeginiň 40 ýyllygy we adam hukuklarynyň ählumumy dolandyrylyşyna täzeçe garaýyş» diýen tema gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Ýokary derejeli duşuşyk dünýäniň 100-den gowrak döwletinden we iri halkara gurmalaryndan, şol sanda BMG-den 400-den gowrak wekili bir ýere ýygnady.

Ýagmyr Nuryýew «Ýaşyl ösüş we adam hukuklaryny goramak» diýen ýöriteleşdirilen mejlisiň dowamynda çykyş edip, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Çykyşda Türkmenistanyň özüniň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine pugta eýerip, «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen düýpli daşary syýasy ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýändigi aýratyn bellenildi.