9-10-njy iýunda Niderlandlar Patyşalygynyň Amsterdam şäherinde «Identity Week Europe 2026» atly halkara sergi we maslahat geçirildi.
Halkara maslahata dünýäniň birnäçe döwletiniň we sebit guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Gullugyň saýtynda berilýän habara görä, serginiň dowamynda maslahata gatnaşyjylar biometriki resminamalary, sanly identifikasiýa we howpsuzlyk ulgamlaryny öndüriji dünýä belli kompaniýalarynyň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Taraplar maslahatyň barşynda migrasiýa ulgamyna ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça hem pikir alyşdylar.