Turkmenportal logo
Düýn 17:04
77997799
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Buddanyň heýkelini dikeltmek boýunça ABŞ-nyň wekilleri Türkmenistanda saparda bolýarlar

ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde Los-Anjeles şäherindäki J.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Muzeýiň gadymy taryhy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň baş konserwatory we bölüm müdiri, professor Suzan Ganziki, konserwator Fabio Kolombo, arheologiýa hem-de medeni miras üçin 3D gözleg usullary we tehnologiýalary boýunça professor Juzeppe Salemi Gadymy Merwden tapylan, V asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak hem-de dikeltmek boýunça taslama degişli nobatdaky iş saparynda bolýarlar. 7-nji iýunda başlanan sapar 20-nji iýuna çenli dowam eder.

Hünärmenler Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini berkitmek üçin ýörite 3D printeriniň kömegi arkaly onuň kelle böleginiň suduryny ýasap getirdiler. Onuň ululygy kelläniň asyl nusgasynyň ölçegine barabardyr. Hünärmenleriň bu gezekki iş saparynyň maksady heýkeliň kelle böleklerini sudura berkidip, ýetmeýän parçalary anyklamakdan ybaratdyr.

8-nji iýunda Türkmenistana sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers, onuň ýörite kömekçisi Wannesa Widal Kastelýanos, ýörite geňeşçisi Josef Gunnar Sidak, dostlukly döwletiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud, şeýle-de ilçihananyň wekilleri Döwlet muzeýinde boldular. Olar muzeýiň amerikan hünärmenleriniň rejeleýiş işlerini alyp barýan barlaghanasyna bardylar.

Bu ýerde hünärmen Suzan Ganziki myhmanlara Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini rejelemek boýunça geçirilýän işler barada, şeýle-de toplan maglumatlary we tejribeleri, işiň galdyran täsiri hakynda gürrüň berdi.