Turkmenportal logo
12.06.26
1112211122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen önümlerini Ýewropa bazaryna eksport etmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

11-nji iýunda  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda (TSSE) Türkmen-Awstriýa «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.

TSSE-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre  ykdysady hyzmatdaşlygy täze şertlere laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga we iki ýurduň işewür wekilleriniň arasynda anyk maýa goýum şertnamalaryny baglaşmaga gönükdirildi. «Tegelek stoluň» başyndaky maslahatda Türkmenistanyň dokma, himiýa we gurluşyk önümlerini Awstriýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna eksport etmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýanyň häzirki zaman senagat enjamlaryny, derman senagaty önümlerini we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny Türkmenistana getirmek boýunça täze şertnamalara garaldy. Şeýle-de Awstriýanyň ýokary tehnologik we sanly çözgütler baradaky tejribesini Türkmenistanyň senagat binalaryna we önümçilik ulgamlaryna ornaşdyrmak meselelerine seredildi.

Iki ýurduň resmi wekilleri özara haryt dolanyşygynyň häzirki kuwwatynyň ähmiýetini belläp, import we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek barada ylalaşdylar.

«Tegelek stoluň» başyndaky duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekillere tomaşa edildi.

Soňra Türkmenistanyň we Awstriýanyň öňdebaryjy hususy kompaniýalarynyň, senagatçylarynyň hem-de maýadarlarynyň gatnaşmagynda  B2B duşuşyklary guraldy.