Özbegistan Respublikasynyň Nukus we Daşkent şäherlerinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň hem-de «Green Central Asia» sebitara başlangyjynyň çäginde tanyşlyk we tejribe alyşmak sapary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
8 — 14-nji iýun aralygynda geçirilýän bu okuw saparyna Türkmenistanyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem-de halkara taslamanyň wekilleri gatnaşýarlar. Saparyň esasy maksady sebitde suw, energiýa we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, alternatiw energiýa çeşmelerini we innowasion biosistemalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda wekiller Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde bolup, Ylmy-barlag irrigasiýa we suw meseleleri institutynyň Garagalpagystan şahamçasynyň hem-de «Ýaş alymlar akademiýasynyň» hünärmenleri bilen duşuşdylar. Saparyň meýilnamasyna laýyklykda, innowasion ekologik ulgamlar, drenaž suwlaryny tebigy usulda arassalaýan bioplato ulgamlary we durnukly suwaryş üçin niýetlenen gün panelleri bilen iýmitlenýän suw nasos stansiýalaryň işjeňligi öwrenilýär. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň binasynda biosenagatyň hem-de bioenergetikanyň esasy ugurlarynyň biri bolan hlorella mikrosuwotularyny ösdürip ýetişdirmegiň önümçilik şertleri we laboratoriýa işleri bilen ýakyndan tanyşlyk amala aşyrylar.
Maksatnamanyň öňümizdäki günlerinde türkmen wekiliýetiniň Aralýaka sebitiniň Halkara innowasiýa merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna, intensiw bagbançylyk boýunça synag meýdançalaryna aýlanmagyna we Daşkent şäherinde dowam etjek ylmy seminarlara gatnaşmagyna garaşylýar. Şol seminarlaryň çäginde topragyň şorlaşmagyny azaltmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, topragyň elektrik geçirijiligini çalt bahalandyrmak hem-de Syrderýa welaýatyndaky «Master fruit» fermer hojalygynda oba hojalygy bilen gün energiýasyny utgaşdyrýan döwrebap Agro-fotoelektrik ulgamlarynyň amaly ulanylyşy ylmy esasda öwreniler.