Turkmenportal logo
Şu gün 12:46
48924892
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pamukkale uniwersiteti we Türkmenistanyň ilçihanasy ýurduň gazanan üstünliklerine bagyşlanan maslahat geçirdiler

11-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Denizli şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirdi.

Çärä uniwersitetiň rektory professor Mahmut Güngör, Türkiýeniň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, ylym we döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de žurnalistler gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan halkara başlangyçlary, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýet ulgamlarynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurduň parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygyny görkezýän 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şol gün Denizli şäherinde şu ýylyň şygaryna bagyşlanan fotosuratlar sergisi hem açyldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi M.Işangulyýew Denizli welaýatynyň häkimi Ýawuz Selim Köşger, şäher häkimliginiň başlygy Bülent Nuri Çawuşogly we Pamukkale uniwersitetiniň rektory Mahmut Güngör bilen duşuşyklary geçirdi. Taraplar bilim, medeni-ynsanperwer we söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Pamukkale uniwersiteti we Türkmenistanyň ilçihanasy ýurduň gazanan üstünliklerine bagyşlanan maslahat geçirdiler | Turkmenportal.com