2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Denizlide 100-den gowrak türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny we döwlete degişli däl sektoryň wekillerini bir ýere jemlän işewürlik forumyny gurady.

Çäre şäheriň Söwda-senagat edaralarynyň we haryt biržalarynyň bileleşiginiň meýdançasynda geçirilip, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlandy. Gatnaşyjylara ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri barada wideorolik görkezildi.
Forumuň dowamynda taraplar türk maýasyny çekmek üçin geljegi uly ugurlary, şol sanda nebit-gaz-himiýa pudagyny, agrosenagat toplumyny, ulag-logistika ulgamyny, telekommunikasiýalary we maglumat tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin ýeňillikleri we amatly şertleri döredýändigi, şeýle hem hususy sektory yzygiderli ösdürýändigi we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrýandygy bellenildi.
Türkmen tarapy ýurduň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerinde guraýandygyny nygtady.