Turkmenportal logo
12.06.26
76517651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«ÇaparPay» ulanyjylary üçin elektron awans kitapçasy hyzmaty elýeterli boldy

«Elektron awans kitapçasy» — bu «ÇaparPay» ykjam goşundysy arkaly «Türkmenpoçta» tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň tölegini amala aşyrmak üçin niýetlenen sanly balansdyr. Indi ulanyjylar adaty kagyz awans kitapçasynyň deregine, pul serişdelerini öz balansyna öňünden geçirip, poçta we beýleki hyzmatlaryň töleglerini awtomatiki usulda amala aşyryp bilerler. Bu ulgam «Türkmenpoçtanyň» hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegidir.

Ulgamyň işleýiş tertibi:

1.     «ÇaparPay» ykjam goşundysynda hasaba durmaly.

2.     Hasaba duranyňyzdan soň ulanyjynyň ýörite unikal identifikatoryny almaly.

3.     Balansy doldurmaly:

·        poçta aragatnaşyk bölümlerinde nagt görnüşinde;

·        bank geçirimi arkaly;

·        bank kartlarynyň üsti bilen.

4.     Ykjam goşundyda gerekli hyzmaty we töleg usulyny saýlamaly.

5.     Ulgam balansdaky serişdeleri awtomatiki usulda barlap, degişli möçberdäki puly hasapdan alar.

6.     Töleg amala aşyrylandan soň, telefona SMS-habarnamasy geler.

Elektron hasap arkaly nähili amallary ýerine ýetirip bolar:

·        «ÇaparPay» goşundysynda elýeterli bolan ähli hyzmatlary tölemek;

·        ulgamyň beýleki ulanyjylaryna serişdeleri geçirmek;

·        amallaryň taryhyny we hasabatlary ykjam goşundynyň içinde barlamak.

Has ýönekeý dilde düşündirilende, «Elektron awans kitapçasy» — bu «ÇaparPay» ulgamyndaky öňünden tölenen balansyň nusgasyny aňladýar: hasabyňyzy bir gezek dolduryp, soňra hyzmatlaryň tölegini nagt pulsuz we kagyz kitapçasyz çalt amala aşyryp bilersiňiz.