Turkmenportal logo
Düýn 11:12
97709770
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň güni mynasybetli gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler» diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine hem-de Hökümet Başlygy Mihail Mişustine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw etdi.