Turkmenportal logo
Şu gün 10:31
30453045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi

10 – 11-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly utgaşykly görnüşli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebi bilen täze ikitaraplaýyn resminamalaryň bäşisine gol çekildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Resminamalara ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, şeýle hem ylmy açyşlary we üstünlikleri artdyrmak maksady bilen gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Dohanyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Katar) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga;

  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «METABIO Biotechnology» kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Şanhaý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Çanan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Taraplaryň gol çeken resminamalary hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady hem-de Türkmenistan bilen maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy we däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmek üçin berk binýat goýdy.