Turkmenportal logo
12.06.26
76067606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukman yssy howada haýsy azyk önümlerinden saklanmalydygyny gürrüň berdi
Surat: ria.ru

Ýagly, gowrulan we kakadylan azyk önümleri yssy howa şertlerinde bedene agram salýar, süýji gazly suwlar bolsa, diňe teşneligi güýçlendirýär, ajy kofe bedeniň suwuny ýitirmegine eltip biler. Bu barada Moskwanyň 220-nji hassahanasynyň baş lukmany Anna Kosenkowa gürrüň berdi diýip, «Ria.ru» ýazýar.

Onuň sözlerine görä, şeýle yssy howada arassa suw, mineral suw ýa-da gök çaý içmek, miwedir gök-bakja önümlerini, ýaprakly işdäaçarlary, ysmanagy we beýleki gök otlary, aýratyn hem hyýar we pomidor iýmek gerek. Olar çyglylyga hem-de kaliý duzuna baýdyr.

«Ýeňiljek belokly iýmit we suýtturşy önümler, mysal üçin, towuk, balyk eti, ýagsyz gatyk ýa-da tworog iýmek saglyk üçin ýaramly bolar» diýip, lukman sözüniň üstüni ýetirdi.