Turkmenportal logo
Şu gün 09:18
47274727
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen, ýaş nesliň ylmy-döredijilik ukyplaryny doly ýüze çykarmaga giň şertleri döredýäris. Ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ylma esaslanyp öňe gitmeginiň uzak möhletleýin ýoluny kesgitledi. Strategiýanyň esasy ugurlaryna laýyklykda, zehinli ýaşlarymyzyň dünýä derejesindäki ylmy barlaglara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek we olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak arkaly ylmyň iň soňky gazananlaryny ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak işleri döwrebap derejede amala aşyrylýar» diýip belleýär.

«Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň, talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, oýlap tapyjylyga aýratyn üns bermekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikleri döredýäris.

Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýaşlarymyzyň hünärlerini kämilleşdirmekleri, özara tejribe alyşmaklary üçin olary daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim edaralaryna döredijilik saparlaryna yzygiderli iberýäris» diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda nygtalýar.

Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen ýeňijileri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, türkmen ylmyny ösdürmekde, ony täze belent sepgitlere ýetirmekde hemişe rowaçlyklary arzuw etdi.