Turkmenportal logo
Şu gün 07:33
909909
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Meksikanyň ýygyndysy DÇ-2026-nyň açylyş oýnunda Günorta Afrikanyň toparyny ýeňdi

Meksikanyň ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň açylyş oýnunda Günorta Afrikanyň toparyndan üstün çykdy.

Mehiko şäherinde geçirilen A toparçasyndaky oýun 2-0 hasabynda tamamlandy. Gollary asly kolumbiýaly Hulian Kinýones (9-njy minutda) we 35 ýaşly Raul Himenes (67-nji minutda) geçirdiler, bu onuň Dünýä Kubogyndaky ilkinji goly boldy.

Günorta Afrikaly ýarym goragçy Sfifelo Sithoul 49-njy minutda gyzyl duýduryş aldy, onuň watandaşy Temba Zwane bolsa oýnuň ahyrynda gyzyl duýduryş aldy we meýdançadan çykaryldy. Meksikanyň kapitany Sezar Montes hem 90+2-nji minutda gyzyl kart alyp, oýun meýdançasyny terk etmeli boldy.

«Opta Sports» neşiriniň habar bermegine görä, ätiýaçlykdan oýna giren 17 ýaş 240 gün ýaşly meksikaly Gilberto Mora Dünýä Kubogynyň taryhyndaky iň ýaş futbolçylaryň arasynda altynjy oýunçy boldy. Bu rekord Demirgazyk Irlandiýaly Norman Waýtsaýda (17 ýaş 41 gün) degişlidir.

Meksikanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndylary ozal 2010-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň açylyş oýnunda duşuşyp, 1-1 hasabynda deňme-deň oýnapdylar. Bu Meksikanyň Dünýä Kubogynyň açylyş oýnunda ilkinji gezek ýeňiş gazanmagy boldy. Topar mundan ozal Dünýä Kubogynyň ilkinji ýedi oýnuna gatnaşyp, bäş gezek ýeňilip, iki gezek deňme-deň oýnapdy.

Mehiko şäheriniň stadiony üç Dünýä Kubogynyň açylyş oýnuny geçiren ilkinji arena boldy: «Asteka» stadiony mundan ozal 1970-nji we 1986-njy ýyllardaky Dünýä Kubogynyň açylyş oýunlaryny geçiripdi.

Meksikaly Hulian Kinýones oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşygynda meksikalylar 18-nji iýunda Gwadalaharada Günorta Koreýanyň ýygyndysy bilen oýnar, ondan bir gün öň bolsa GAR-yň ýygyndysy Atlantada Çehiýa Respublikasy bilen duşuşar.