Turkmenportal logo
Düýn 22:36
71927192
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow ÝB-niň ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.