Turkmenportal logo
Şu gün 16:30
30843084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Malaýziýa gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

9-njy iýunda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowyň Malaýziýanyň Gümrük müdiriýetiniň başlygy Amran Ahmad bilen duşuşdy. Gepleşiklere Malaýziýanyň degişli edarasynyň ugurdaş bölümleriniň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň ilçihanasynyň ikinji sekretary hem gatnaşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, söwda-ykdysady we gümrük ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmegi hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hökümetleriniň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasy boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň dowamynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana gurajak resmi saparynyň çäklerinde degişli resminama gol çekilmegi baradaky mesele gozgaldy. Malaýziýa tarapy ähtnamanyň taslamasynyň bellikler we teklipler bilen bilelikde ýurduň degişli hukuk edaralaryna hem-de ygtyýarly düzümlerine ugradylandygyny habar berip, gysga wagtda jogap bermäge taýýardyklaryny bildirdi.

Gepleşikler açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.