Turkmenportal logo
Şu gün 16:05
37393739
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň içisi Portugaliýanyň güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

9-10-njy iýun günlerinde Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky we Portugaliýa Respublikasyndaky ilçisi M.Çaryýew Terseýra adasynda (Azor adalary) Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli geçirilen döwlet çärelerine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, ilçi resmi maksatnamanyň çäklerinde Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan diplomatik korpusyň wekillerini kabul etmek dabarasyna, Portugaliýanyň Ýaragly Güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilen harby dabaralara, şeýle hem milli baýramçylyk mynasybetli guralan beýleki çärelere gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruny gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan milli baýramçylyk mynasybetli mähirli gutlaglary, şeýle hem Portugaliýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisiniň diplomatik korpusyň wekilleri hem-de Portugaliýa Respublikasynyň resmi adamlary bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.