Turkmenportal logo
Şu gün 13:13
1266012660
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň açylyş duşuşygynyň öňüsyrasynda «Asteka» stadionynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy

Meksikanyň paýtagtynda ýerleşýän «Asteka» stadionynda futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň açylyş duşuşygynyň öňüsyrasynda dürli döwletleriň baýdaklary ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem bar. Ol iňlis elipbiýsiniň tertibine laýyklykda Türkiýäniň we Tuwalunyň baýdaklarynyň arasynda ýerleşdirildi.

Ýaryşyň açylyş duşuşygynda Meksikanyň milli ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýnuň Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanmagyna garaşylýar. Duşuşygyň göni ýaýlymy Belet platformasynda elýeterli bolar.

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda geçiriler. Toparçalaýyn tapgyr 11–27-nji iýun aralygynda bolup, her milli ýygyndy aýlaw ulgamy boýunça üç duşuşyk geçirer.

Pleý-off tapgyryna her toparçadan iň gowy netije görkezen iki ýygyndy, şeýle hem üçünji orunlary eýelän toparlaryň arasynda iň ýokary netijäni gazanan sekiz ýygyndy gatnaşar.

Çempionatyň çäklerinde jemi 104 duşuşyk geçiriler. Bu görkeziji futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda täze rekord bolar.