Turkmenportal logo
Şu gün 12:41
65716571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mers sosial-demokratlar babatda «sabyr käsesiniň dolandygyny» aýtdy
Surat: tass.ru

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleri Fridrih Mers dolandyryjy koalisiýadaky hyzmatdaşy bolan Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasyna degişli sabyr-takadynyň dolandygyny mälim etdi. Kansler bu barada Bundestagda HDB/HSB fraksiýasynyň ýygnagynda aýtdy diýip, «Rheinische Post» gazetine salgylanýan TASS ýazýar.

Ady agzalan ýerli neşir Mersiň: «Meniň sabrym häzir gutaryp barýar, şol sanda sosial-demokratlar babatda» diýen sözlerini getirýär.

Kansleriň närazylygynyň sebäbi bu partiýanyň Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň dekabrynda tassyklan infrastrukturany ösdürmek barada kanun taslamasyny bökdeýänligidir. Netijede, ony henize çenli Bundestag tassyklamady. Sosial-demokratlar öz nobatynda infrastuktura taslamalary barada çözgütleri kabul etmegiň tertibini ýeňilleşdirýän täze kanuny daşky gurşawy goramak barada kanuna baglamakçy bolýarlar.

Häzirki wagtda dolandyryjy koalisiýa Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşikleriň konserwatiw blogunyň düzüminde çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Hyzmatdaşlaryň arasynda durmuşa geçirmekligi ylalaşylan esasy özgertmeler barada gapma-garşy garaýyşlar güýçlendi. Öň «Bild» gazetiniň öz çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, Kansleriň töwereginde eýýäm koalisiýany ýatyrmak barada pikir alyşmalar hem bolupdyr.