Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa 10-njy iýunda özüniň 75 ýaş toýuny belledi. Mundan başga-da, sungat ussady sahna döredijiliginiň 70 ýyllygyny hem dabaraly ýagdaýda belläp geçdi.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ol bary-ýogy üç ýaşyndaka aýdym aýdyp başlaýar we tiz wagtdan radio gepleşiklerine we çagalar üçin taýýarlanylýan maksatnamalara gatnaşypdyr. Mekdep ýyllarynda bolsa aýdymçylyk ukybyny kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli zähmet çekipdir.
Hukuk boýunça ýokary bilimini alyp, öz hünäri boýunça zähmet çeken hem bolsa, Annagül Gurdowa sungata we saza bolan söýgüsine hemişe wepaly bolupdyr. Ol döredijilik işini dowam etdirip, häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde zähmet çekýär.
Sungat ýolunyň dowamynda aýdymçy türkmen kompozitorlarynyň döreden köp sanly eserlerini hem-de görnükli şahyrlaryň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi. Onuň köp aýdymlary halk arasynda giňden meşhurlyk gazanyp, söýlüp diňlenýän eserleriň hataryna goşuldy.