Turkmenportal logo
Şu gün 11:25
57355735
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Modi iň uzak wagt Hindistanyň Hökümet başlygy bolmakda rekord goýdy
Surat: tass.ru

Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi bu wezipäni iň uzak wagt eýelemekde rekord goýdy, ol ýurduň häzirki zaman taryhyndaky ähli Premýer-ministrlerden hem ozdurdy diýip, TASS ýazýar.

10-njy iýunda Modiniň premýer-ministr hökmünde kasam kabul edenine 4 399 gün doldy. Bu 2014-nji ýylyň 26-njy maýyndady. Şeýlelikde, ol garaşsyz Hindistanyň ilkinji Premýer-ministri Jawaharlal Nerudan hem öňe geçdi. Neru bu wezipede 1952-nji ýylyň 13-nji maýyndan tä aradan çykýança, ýagny 1964-nji ýylyň 27-nji maýyna çenli ýurdy dolandyrdy. Onuň rekordy altmyş ýyldan hem uzak saklandy. Modi şeýle hem Nerudan soňra yzly-yzyna üç gezek parlamente saýlawlarda ýeňiş gazanan Hökümet başlygy boldy.

«Hindustan Times» gazeti bu rekordy ýurtdaky düýpli özgertmeler bilen baglaýar. Neru garaşsyzlykdan soňra ýurdy dolandyranda, Hindistanyň ilaty bary-ýogy 340 million adamdy. Modi 2014-nji ýylda wezipä girişende, ilat 1,31 milliarddan geçipdi, häzir bu görkeziji 1,46 mlrd hem köpdür.

Şunuň bilen birlikde, hindi demokratiýasynyň çägi hem giňeldi, eger ilkinji ählumumy saýlawlara 53 partiýa gatnaşan bolsa, 2014-nji ýylda olaryň sany 464 we 2024-nji ýylda 744-e çenli köpeldi. Saýlawçylaryň sany-da ilkinji saýlawlarda 170 million töweregidi, 2014-nji ýylda bu san 830 milliondan agdy.