Turkmenportal logo
Şu gün 11:09
51655165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

9-njy iýunda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasynyň syýasy meseleleri boýunça baş dolandyryjysy Kerolaýn Wikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ministrligiň edara binasynda maslahat geçirildi. Maslahata sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Şanazarow hem gatnaşdy. Bu barada Demir ýol ulaglary ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Myhman hanym Kerolaýn Wik ilki bilen, mähirli garşy alnandyklaryny nygtap, türkmen tarapyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Şonuň bilen birlikde, sebitde geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistan bilen ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasynyň ýakyndan gyzyklandyrma bildirýändigini aýratyn belläp geçdi.

Maslahatyň dowamynda taraplar ileri tutýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdirilýän taslamalar esasynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegi dogrusynda özara pikir alyşdylar.


Aşgabatda ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy | Turkmenportal.com