Nigeriýanyň günortasyndaky Delta ştatynda bolan demir ýol hadysasynda azyndan dört adam gurban boldy, 24 adam şikes aldy diýip, ýurduň Ulag ministrliginiň hemişelik sekretary Funşo Adebiýä salgylanýan «Sinhua» agentligi habar berdi.
Abujada žurnalistler üçin brifingde çykyşynda Adebiýi Agbor şäheriniň golaýynda heläkçilige uçran otluda 442 ýolagçynyň bolandygyny habar berdi.
Heläkçilikde dört wagon agdaryldy, bir wagon demir ýoldan çykdy.