Turkmenportal logo
Düýn 23:14
62936293
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen halkara düzümleriň çäklerinde hereketleriň utgaşdyrylmagyny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.