Şu gün Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, galla oragy möwsümine badalga bermek dabaralary welaýatlaryň häkimliklerinde geçirilen maslahatlar bilen başlandy. Galla oragyna Balkan welaýatynda «Goç» daýhan birleşiginde, Daşoguz welaýatynda bolsa Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginde badalga berildi. Şeýle hem galla oragyna girişmek dabaralarynyň çäginde maslahatlar, aýdym-sazly halk döredijilik çykyşlary, sport ýaryşlary, oba hojalygyna bagyşlanan sergiler, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere gezelençler guraldy.
Gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde degişli welaýatlarda ilkinji bugdaý harmanlary emele geldi. Bugdaý oragyndan boşan ýerleriň samany ýygnalyp, dessine sürüm işlerine girişildi.
Möwsümiň ilkinji hasylyndan unuň, çörek we çörek önümleri taýýarlanyldy. Dabaralaryň dowamynda orak möwsüminiň ilkinji iş gününde has tapawutly zähmet çeken gallaçy kärendeçilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, ýurduň Ahal, Lebap hem-de Mary welaýatlarynda galla oragyna 3-nji iýunda badalga berildi.