Turkmenportal logo
Düýn 19:30
29802980
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Pol Nadaryň fotosuratlarynyň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde fransuz fotohudožnigi Pol Nadaryň sergisi açyldy. Onda häzirki Türkmenistanyň çäklerinde 1890-njy ýylda düşürilen 45 sany fotosurat görkezilýär.

Ekspozisiýa Nadaryň 1890-njy ýylyň awgust — noýabr aýlary aralygynda Hazararasy demir ýoly boýunça amala aşyran syýahatyna bagyşlanýar. Sergide ýerli ýaşaýjylaryň portretleri, tebigat manzaralary, şäherleriň görnüşleri we arhitektura ýadygärlikleri ýygnanypdyr. Bular sebitiň bir ýarym asyr mundan ozalky ýagdaýyny görkezýän özboluşly taryhy ýazgylardyr.

«Bu sergini açmak biz üçin uly mertebedir. Biz bu fotosuratlary türkmen jemgyýetçiligine hödürlemek bilen, ýurduňyzyň baý mirasynyň möhüm bölegini görkezmek isledik» diýip, Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Filipp Merlin žurnalistlere beren gürrüňinde belledi.

Sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Fransiýanyň ilçihanasynyň goldawy bilen guraldy. Onuň maliýe tarapdan üpjünçiligine «TotalEnergies» kompaniýasy hem goşant goşdy. Muzeýdäki sergi tamamlanandan soň, ony Fransuz institutynda dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

Pol Nadar (1856 — 1939) — fransuz fotohudožnigi, meşhur portretçi Feliks Nadaryň ogludyr. Ol 1890-njy ýylda patşa hökümetiniň çakylygy boýunça Hazararasy demir ýolunyň ugruny we Daşkentdäki halkara sergini resmileşdirmek (surata düşürmek) üçin gelýär. Syýahat döwründe fotosuratçy Uzynada, Türkmenabat, Merw we Aşgabat şäherlerinde bolup, Türkmenistan boýunça iki ýüzden gowrak surat düşürýär.