Turkmenportal logo
10.06.26
85988598
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pakistanly işewürler Türkmenistanda dokma fabrigini, maglumat merkezini we bank şahamçasyny açmagy teklip etdiler

Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legari we «Muslim Commercial Bank» (MCB) bankynyň hem-de «Nishat» kompaniýalar toparynyň başlygy Mian Mohammad Manşa 4-nji iýunda geçirilen «Türkmentexstile Exspo — 2026» sergisine gatnaşdylar. Çäräniň çäginde wekiliýet Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlary B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, şeýle-de dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew bilen gepleşikleri geçirdi.

Taraplar dokma pudagynda haryt dolanyşygyny artdyrmagyň ýollaryny hem-de iki ýurtda dokma öýlerini we kompaniýalaryny açmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mian Manşa türkmen resmilerine «Nishat» toparynyň eýýäm halkara bazarlaryna iberilýän taýýar önümleri, esasan hem öý tekstil önümlerini öndürmek üçin türkmen ýüpi bilen üpjünçiligi amala aşyrýandygyny habar berdi. Ol Türkmenistanyň çäginde önümçilik obýektini gurmagy we ýerli dokma kärhanalary bilen araçysyz gönüden-göni söwda etmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, Manşa ýurtda elektrik energiýasynyň amatly nyrhlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanda maglumat merkezini gurmak başlangyjy bilen çykyş etdi, şeýle-de gurluşyk pudagyna maýa goýmagy we MCB-niň şahamçasyny açmagy teklip etdi. Ozal Türkmenistanda Pakistanyň Milli bankynyň şahamçasy işläpdi.

Duşuşyklaryň dowamynda dokma önümleriniň howa ýük gatnawlaryny ösdürmek we iki ýurduň arasynda gönüden-göni howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek barada hem teklipler öňe sürüldi. Türkmen tarapy «Nishat» toparynyň wekillerine ýurduň dokma kärhanalaryna baryp görmegi teklip etdi we ikitaraplaýyn söwdany işjeňleşdirmekde ýardam bermegi wada berdi. Mian Manşa öz gezeginde türkmen ministrlerini Pakistana çagyrdy.

Türkmen resmileri MCB/Nishat toparynyň ýolbaşçysyna we pakistan tarapyna sergä gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň ilçihanasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdiler.