Turkmenportal logo
Şu gün 16:27
25022502
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen işewürleriniň wekiliýeti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Liwiýa sapar etdi

Iýun aýynyň başynda türkmen wekiliýeti Liwiýa resmi sapary amala aşyrdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dolandyryş geňeşiniň agzasy, dokma senagaty kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri girdi. Sapara Liwiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahmud A.M. Hasan hem gatnaşdy.

Saparyň ilkinji nokady ýurduň iň iri senagat we söwda merkezleriniň biri bolan Misurata şäheri boldy. Türkmen wekiliýeti Liwiýanyň Ykdysadyýet we söwda ministrliginiň garamagynda hereket edýän, port toplumynyň çäginde ýerleşýän Misurata Erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Wekiliýeti şäheriň häkimi Mahmud M. Sigutri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar işewür hyzmatdaşlygyň geljegini we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýerli işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi we Liwiýanyň Söwda-senagat edaralarynyň Baş birleşiginiň prezidenti Muhammed Raiýed bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň netijesinde taraplar logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.

9-njy iýunda wekiliýet ýurduň paýtagty Tripoli şäherine bardy. Bu ýerde türkmen öndürijileri öz önümlerini liwiýaly işewürler hyzmatdaşlaryna tanyşdyrdylar. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleri, şol sanda jins matasyndan taýýarlanan önümleriň görnüşleri kabul edýän tarapyň aýratyn gyzyklanmasyny döretdi.

Sapar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we türkmen önümleriniň Demirgazyk Afrika bazaryndaky ornuny giňeltmäge gönükdirildi.