Turkmenportal logo
Şu gün 11:34
48644864
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatly zenan Elbrus dagynyň iň ýokary nokadyna çykdy

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Wanessa Murtazina Elbrus dagynyň günorta ugry boýunça iň ýokary nokadyna üstünlikli çykdy. Onuň aýtmagyna görä, bu sepgide ýetmek düýpli ýokary taýarlygy, çydamlylygy we maksadaokunlylygy talap etdi.

Wanessanyň «Turkmenportal» redaksiýasyna beren maglumatyna görä, açyk çeşmelerde Elbrus dagyny boýun egdiren türkmenistanly zenanlar barada maglumat örän az. Şonuň üçin hem ol beýiklige çykanyndan soň öz tejribesini we dagda düşen fotosuratlaryny paýlaşmaga gyssanypdyr.

Daga çykmak 2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda amala aşyryldy. Berlen şahadatnama laýyklykda, Wanessa Murtazina Elbrusuň deňiz derejesinden 5 müň 642 metr belentlikde ýerleşýän iň ýokary nokadyna çykdy.

Wanessa Murtazina özüniň bu üstünliginiň Türkmenistanyň sport jemgyýetçiligi üçin gyzykly boljakdygyna hem-de dagy gowy görýän we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlary täze sepgitlere ruhlandyrjakdygyna umyt edýär.

Elbrus — Russiýanyň we Ýewropanyň iň belent nokady bolup, ol Kawkazda, Kabardino-Balkariýada ýerleşýär. Iki depeli bu dag deňiz derejesinden 5 müň 642 metr belentlige ýetýär. Günorta ugry alpinistler arasynda iň meşhur ýol hasaplanýar: ol tehniki taýdan demirgazyk ugra garanyňda has ýeňil bolsa-da, baribir gowy taýarlygy we howa şertlerine uýgunlaşmagy (akklimatizasiýany) talap edýär. Elbrus dünýäniň ähli künjeklerinden alpinistleriň ünsüni çekýän, her yklymyň iň belent daglaryny öz içine alýan «Ýedi beýiklik» sanawyna girýär.