Türkmenistanda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9 — 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl olimpiada gatnaşan mekdep okuwçylarynyň sany 22 müňden geçdi, olaryň 68-si final tapgyryna çykmagy başardy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, matematika, fizika, himiýa we biologiýa boýunça geçirilen bäsleşikleriň netijeleri boýunça 21 okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy.
I orna Aşgabat şäherindäki 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýgül Merdanowa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ilýas Silabow we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Rukiýa Atajanowa dagy mynasyp boldy.
Aşgabat şäheriniň we ýurduň ähli welaýatlarynyň mekdeplerinden bolan ýaş zehinler 7 sany ikinji we 11 sany üçünji orunlary eýelediler. Mundan başga-da, bu giň gerimli bäsleşikde 32 okuwçy höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.
Olimpiadanyň ýeňijilerine we baýrakly orny eýelänlere guramaçy ýokary okuw mekdebi tarapyndan medallar, diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Olimpiadanyň ýokary derejede guralmagyna we geçirilmegine işjeň gatnaşandygy hem-de ýardam berendigi üçin ýurduň welaýatlarynyň orta mekdepleriniň mugallymlaryna, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplygyna Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.
Olimpiadanyň düzgünnamasyna laýyklykda, finalçylar uniwersitetiň «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly Altyn gaznasynyň düzümine girizildi. Bu gaznanyň agzalary ýokary okuw mekdebine okuwa girenlerinde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.