Turkmenportal logo
Şu gün 08:03
38083808
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinleriň günortasyndaky ýertitremesi zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa ýurduň Mindanao adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Filippiniň wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni irden Mindanao adasynyň günortasyndaky Sarangani welaýatynda we onuň golaýyndaky sebitlerde güýji 7,8 magnituda barabar bolan ýertitremesi boldy. Soňky maglumatlara görä, ýertitremesiniň netijesinde wepat bolanlaryň sany 45 adama ýetdi. Respublikanyň Raýat goranyş müdiriýetiniň berýän maglumatyna görä, 630 adam şikes aldy, 17 adam bolsa dereksiz ýitenleriň sanawynda galýar.