Turkmenportal logo
Şu gün 07:56
34103410
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Žoze Seguruwany Portugaliýanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruwa ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.