Turkmenportal logo
09.06.26
1110411104
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kannawaro: Özbegistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna çempion bolmak üçin däl-de, oýundan lezzet almak üçin barýar

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Fabio Kannawaro toparyň ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmagy esasy maksat edinmeýändigini aýtdy.

Italiýaly hünärmeniň sözlerine görä, dünýä çempionatyna gatnaşmagyň özi uly üstünlikdir. Şonuň üçin futbolçylar bu ýaryşa hökmany netije gazanmaly bäsleşik hökmünde däl-de, öz ukyplaryny görkezmek üçin uly mümkinçilik hökmünde garamalydyrlar.

«Futbolçylar dünýä çempionatyna barýandygymyza düşünmelidirler. Bu ýaryşdan lezzet almak gerek» — diýip, Championat.Asia neşiri Kannawaronyň sözlerini getirýär.

Tälimçi futbolçylara edilýän daşarky basyşlar barada hem aladasyny beýan etdi we olary meýdançada özlerini erkin duýmaga çagyrdy. Onuň pikiriçe, hut şeýle çemeleşme toparyň iň gowy netijäni görkezmegine mümkinçilik berer.

«Meniň bilşimçe, biz bu çempionaty utup bilmeris. Şonuň üçin öz futbolumyzy oýnamalydyrys» — diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.

Özbegistanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandy. Ýaryş 11-nji iýunda badalga alar.

Kannawaro: Özbegistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna çempion bolmak üçin däl-de, oýundan lezzet almak üçin barýar | Turkmenportal.com