Turkmenportal logo
09.06.26
92679267
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlamagyna iki gün galanda eýranly janköýerler üçin bölünip berlen biletleriň kwotasyny ýatyrdy

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylary ýaryşyň başlanmagyna iki gün galanda Eýrana degişli janköýerleri üçin biletleriň kwotasyny ýatyrdy. Bu barada Eýranyň futbol federasiýasy Reuters agentligine salgylanyp, habar berdi.

Federasiýanyň maglumatlaryna görä, biletleriň paýlanyşy boýunça resmi taýdan yglan edilen tertibe daýanyp, ABŞ-a sapar etmegi meýilleşdiren eýranly janköýerler milli ýygyndynyň oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiliginden mahrum boldular.

«Köp sanly eýranly futbol janköýerleriniň resmi taýdan yglan edilen tertibe ynanyp, oýunlara gatnaşmak üçin ähli zerur meýilnamalary öňünden düzendigine garamazdan, şeýle karar kabul edildi» — diýip, federasiýanyň beýannamasynda aýdylýar.

Eýranyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky oýunlaryny ABŞ-nyň çäginde geçirer. Toparçalaýyn tapgyrda Eýranyň ýygyndysy Belgiýanyň, Müsüriň we Täze Zelandiýanyň milli ýygyndylary bilen duşuşar.