Turkmenportal logo
Şu gün 15:19
34993499
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Azerbaýjan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygyny belleýärler

Şu gün, 2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasy iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygyny belleýärler.

Geçen ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürildi. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar umumy taryha, dil ýakynlygyna, iki halkyň etnik we medeni baglanyşyklaryna esaslanýar. Strategik hyzmatdaşlyk bolsa iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-islegiň netijesinde üstünlikli ösdürilýär.

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň dabaralaryna gatnaşmak üçin gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Açylyş dabarasy Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Çäreleriň maksatnamasy Arkadag şäherinde dowam etdirilip, onda iki ýurduň nusgawy şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat, fotosurat sergisi hem-de «Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda bilelikdäki konsert geçirildi.

Doganlyk gatnaşyklaryň möhüm nyşany hökmünde Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygy amala aşyrylýar. Ony Azerbaýjana sowgat hökmünde gurmak baradaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Azerbaýjana amala aşyran saparynyň dowamynda öňe sürlüpdi. 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gabala şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň 12-nji sammitine gatnaşan beýleki döwlet Baştutanlary onlaýn görnüşde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Metjidiň toplumynyň umumy meýdany bir gektardan gowrak bolar. Ymaratda beýikligi 40 metr bolan iki minara, beýikligi 30 metre çenli ýetýän esasy gümmez göz öňünde tutulýar. Metjitde bir wagtda 500 adam ybadat edip biler.

Häzirki wagtda iki ýurduň diplomatik wekilhanalaryna şular ýolbaşçylyk edýärler: Azerbaýjan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Gismet Gozalow, Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasyna bolsa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Gurbanmämmet Elýasow ýolbaşçylyk edýär.