Turkmenportal logo
Şu gün 12:15
30403040
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen kompaniýasynyň wekili SPIEF-2026 forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 3-6-njy iýuny aralygynda Sankt-Peterburg şäherindäki «Ekspoforum» kongres-sergi merkezinde XXIX Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy (PHYF-2026) geçirildi. Forum dünýäniň onlarça ýurdundan müňlerçe gatnaşyjylary – döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň myhmanlarynyň hatarynda «Roskongress» gaznasynyň çakylygy hem-de Rossotrudniçestwonyň goldawy bilen Türkmenistanyň iri gurluşyk kompaniýalarynyň biriniň wekili hem gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde «Ojar Aziýa» kompaniýasynyň wekili Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň, Tanzaniýa Birleşen Respublikasynyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen umumy plenar mejlisine gatnaşdy.

Türkmen kompaniýasynyň wekili PHYF-2026-nyň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat we metbugat departamentiniň müdiri Mariýa Zaharowa bilen geçirilen iş naharyna hem gatnaşyp, onuň dowamynda halkara gün tertibiniň, ykdysadyýetiň we işewür hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de wekil forumyň çäklerinde rus we daşary ýurt işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirip, özara bähbitli  aragatnaşyklar we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşdy. Hususan-da, Wildberries, Agalarov Development, Hongqi Auto, Daşary ýurtlarda kärhanalary ösdürmek boýunça Hytaý assosiasiýasy (CODA), şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, «Roskongress» gaznasynyň hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda B2B görnüşindäki duşuşyklar hem guraldy.

Işewürlik maksatnamasy bilen bir hatarda forumyň gatnaşyjylary Döwlet Ermitaž muzeýine we «Petergof» döwlet muzeý-goraghanasyna baryp gördüler hem-de Russiýanyň «medeni paýtagty» hökmünde tanalýan şäheriň baý medeni mirasy bilen tanyşdylar.

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy ykdysadyýet, maýa goýumlar we işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan iň iri halkara meýdançalarynyň biri bolup durýar. Köplenç «Russiýanyň Dawosy» diýlip atlandyrylýan forum her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny, işewür toparlarynyň wekillerini we bilermenler jemgyýetçiligini bir ýere jemleýär.