Turkmenportal logo
09.06.26
98949894
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýaşlar üçin konsulyň kömekçisi wezipesine boş iş ornuny yglan etdi

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň resmi saýtynda ýaşlar üçin konsulyň kömekçisi wezipesinde tejribe geçmek üçin boş iş ornuny yglan etdi.

Tejribe geçiş möhleti 1-nji iýuldan 31-nji dekabra çenli dowam eder.

Arzalary kabul etmek 10-njy iýuna çenli amala aşyrylýar.

Gyzyklanma bildirýän şahslar degişli resminamalary ilçihananyň elektron salgysyna (korembtm@mofa.go.kr) ugradyp bilerler.

Boş iş orny baradaky has giňişleýin maglumatlar bilen ilçihananyň resmi saýtynda tanyşmak mümkindir.

Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýaşlar üçin konsulyň kömekçisi wezipesine boş iş ornuny yglan etdi | Turkmenportal.com