Turkmenportal logo
Düýn 22:50
71837183
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurduň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen işleriň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň ýokary baha mynasypdygyny hem-de ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.  

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýyl  Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky şertnamanyň kabul edilmegine 30 ýylyň dolýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu şertnama ilkinjileriň hatarynda gol çekdi. Döwlet Baştutany myhmanyň ýurda amala aşyrýan saparynyň dowamynda bu şertnamanyň kabul edilmegi mynasybetli ýokary derejeli sebitleýin maslahata gatnaşjakdygyny aýdyp, saparyň çäklerinde geçirjek duşuşyklarynyň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi hem-de Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak ýaly möhüm şertnamalara gatnaşyjylaryň biri hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy Ýerine ýetiriji sekretarynyň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirip,  oňa  berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.