Türkmen tomaşaçylary üçin niýetlenen Belet striming platformasynda «Eziz Angliýa» (Dear England) atly britan mini-serialy ýerleşdirildi. Häzirki wagtda serialyň dört bölüminden üçüsi tomaşaçylar üçin elýeterlidir.
Serial dramaturg Jeýms Grem tarapyndan ýazylan ady bir pýesanyň esasynda surata düşürildi we BBC One teleýaýlymynda görkezilýär. Onuň dünýä derejesindäki premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji maýynda boldy. Taslamany öndürmek işi bilen Left Bank Pictures kompaniýasy meşgullandy.
Serialda Angliýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Garet Sautgeýtiň keşbini aktýor Jozef Faýns ýerine ýetirýär. Şeýle hem serialda Jodi Uittaker, Jeýson Uotkins, Jon Hojkinson we beýleki aktýorlar çykyş edýärler.
Birinji bölümiň režissýory hökmünde öň pýesanyň sahna goýluşyny amala aşyran Rupert Guld çykyş etdi. Ikinji, üçünji we dördünji bölümler bolsa Pol Uittington tarapyndan surata düşürildi.
Serialyň mazmuny 2016–2024-nji ýyllar aralygynda Sautgeýtiň tälimçiligindäki Angliýanyň futbol ýygyndysynyň gazanan üstünlikleriniň we başdan geçiren şowsuzlyklarynyň çeper beýan edilmegine esaslanýar. Bu hekaýa giň gerimli ylmy barlaglaryň we söhbetdeşlikleriň netijelerine daýanýar.
Wakalaryň ösüşine görä, Sautgeýt dünýäde penalti urgulary boýunça iň pes görkezijileriň birine eýe bolan topary kabul edýär we futbolyň watany hasaplanýan ýurduň onlarça ýyllap dowam eden agyr ýeňlişler döwrüni aradan aýyrmaga synanyşýar.
Serialyň esasyny düzýän pýesa 2024-nji ýylda Olivier Awards baýragynyň «Iň gowy täze sahna eseri» ugrunda ýeňiji boldy. Taslamanyň dünýä ýüzünde ýaýratmak hukuklary Sony Pictures Television kompaniýasyna degişlidir.
Jozef Faýns bu keşbi ozal teatr sahnasynda hem ýerine ýetiripdi we şol keşbi üçin Olivier Awards baýragyna hödürlenipdi. Ekranlaşdyrylan görnüşde hem ol şol keşbe täzeden jan berdi.
Aktýorlar Adam Hýugill, Joş Berrou we Lýuis Şeppard hem teatr sahnasyndaky keşplerine gaýdyp geldiler. Olar degişlilikde Garri Maguaýryň, Jordan Pikfordyň we Dele Alliniň keşplerini ýerine ýetirýärler.
«Doctor Who» serialyndaky Doktor keşbi bilen giňden tanalýan Jodi Uitaker bolsa Angliýanyň futbol ýygyndysynyň psihology Pippa Greýjiň keşbinde çykyş edýär. Pippa Greýj futbolçylaryň psihologik taýýarlygyny güýçlendirmekde we toparyň ruhy ýagdaýyny gowulandyrmakda möhüm orun eýelän hünärmen hökmünde görkezilýär.