Turkmenportal logo
Şu gün 16:17
38793879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Halkara Pul Gaznasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 8-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Türkmenistan bilen HPG-niň Ylalaşygynyň IV maddasyna laýyklykda geçirilýän adaty maslahatlar missiýasynyň çäklerinde Aşgabada gelen wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen Halkara Pul Gaznasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem makroykdysady syýasatyň esasy ugurlary, durnukly ösüş we ýurduň maliýe ulgamyny pugtalandyrmak meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de daşarky töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen milli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli ädimleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmak prosesi, şol sanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak işi ara alnyp maslahatlaşyldy. HPG-niň wekilleri Türkmenistanyň milli kanunçylygy halkara ülňülerine laýyk getirmek we statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan toplumlaýyn işlerine ýokary baha berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar konstruktiw we pragmatik häsiýetli dialogy dowam etdirmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.